«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ýeten belent sepgitleri we örän uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalaryň biridir. Bagtyýar raýatlarymyzyň ajaýyp şäherimize çäksiz söýgüsiniň nyşany bolan bu baýram mynasybetli ata Watanymyzyň paýtagtynyň dürli ugurlarda ýeten belent sepgitlerini görkezmäge mümkinçilik berýän halkara sergini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän ähli çäreler häzirki döwürde aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi türkmen paýtagtynyň şäher gurluşygy babatda gazananlaryny we Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyň görkezer.
Hormatly adamlar!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat tutuş ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň ajaýyp mysalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen üstünlikli amala aşyrylan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň netijesinde, Aşgabat «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Häzirki döwürde Aşgabadyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, gözel paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inženerçilik-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek ugrunda giň möçberli çäreler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň baş şäheri ajaýyp binagärlik çözgütleri bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen barha gözelleşýär. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda özboluşly çözgütleriň durmuşa geçirilmegi, şol sanda sanly tehnologiýalaryň, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagy mundan beýläk-de möhüm ähmiýete eýe bolar.
Milli öwüşginli, taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özünde jemleýän köp sanly desgalaryň halkara derejede ykrarnama eýe bolmagy Aşgabadyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň güwäsidir. Munuň şeýledigine şäheriň birnäçe desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy tarapyndan paýtagtymyz Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi-de örän buýsandyryjy wakalaryň biridir.
Hormatly adamlar!
Şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede dabaraly bellemek boýunça meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Ýaňy-ýakynda bolsa paýtagtymyzyň günorta künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň we söz ussatlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy nusgawy şahyryň hormatyna guralýan giň möçberli dabaralaryň özboluşly dowamy boldy. Bu döwrebap toplumyň töwereklerini abadanlaşdyrmak işleri häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerine laýyklykda ýerine ýetirilip, inženerçilik-tehniki we ýol-ulag düzümi, yşyklandyryş ulgamy bir bitewi sazlaşygy emele getirdi.
Şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda tutuş ýurdumyzda, şol sanda Aşgabat şäherinde ençeme iri önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalarydyr desgalary açyp ulanmaga bermegi we olaryň birnäçesiniň düýbüni tutmagy maksat edinýäris. Täze taryhy döwürde paýtagtymyzda bina ediljek desgalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, paýtagtymyzy mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösdürmek we abadanlaşdyrmak boýunça zerur işleri amala aşyrarys. Men gözel Aşgabadyň abadançylygyň hem-de ösüşiň nusgalyk merkezine öwrüljekdigine berk ynanýaryn.
Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
https://tdh.gov.tm/tk/post/40731/ak-saherim-asgabat-atly-xxiii-kopugurly-halkara-serga-gatnasyjylara