Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we 

bilim işgärleri, mähriban uçurymlar! 

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik durmuşymyza ajaýyp öwüşgin çaýýan «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuw ýylyny üstünlikli tamamlamagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Belent maksatlara ruhlandyrýan «Soňky jaň» dabarasynyň bilimlerini, güýçlerini we gujurlaryny eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine bagyş etjek bagtyýar uçurymlarymyzyň ýüreginde ýakymly duýgulary oýarjakdygyna berk ynanýaryn. 

«Soňky jaň» dabarasy bagtyýar ýaşlaryň juwan kalbynda Watanymyza, merdana halkymyza bolan beýik buýsanjy, guwanjy hem-de söýgini terbiýeleýän ajaýyp bilimler baýramydyr. Bu baýramyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň milli we halkara ähmiýetli şanly wakalary, Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşyp gelmegi mähriban uçurymlarymyzy täze menzillere, belent maksatlara ruhlandyrýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde, ähli şäherdir obalarda «Soňky jaň» dabarasyna bagyşlanan aýdym-sazly, şowhunly medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän baý many-mazmunly çäreler bolsa «Soňky jaň» dabarasynyň jemgyýetçilik durmuşymyzda tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak bilen, bilimler merkezine öwrülýän we halkara bilim giňişligine işjeň goşulyşýan Watanymyzyň abraý-mertebesini dünýä ýaýar. Bularyň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ösüşlerimize badalga berýän «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň, şeýle hem «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiziň has-da rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. 

Eziz uçurymlar! 

Taryhyň bütin dowamynda parahatçylygy we dostlugy ündäp gelýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan, ynsanperwerligi dabaralandyrýan halkymyzyň maksada okgunly nesilleri hökmünde siz watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi, belent ahlaklylygy özüňize hemişelik ýörelge edinmelisiňiz. Dünýä taryhynda nusgalyk yz galdyran Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Alp Arslan, Jelaleddin Menguberdi, Keýmir serdar ýaly beýik ärlerimiziň, Mahmyt Kaşgarly, Abu Seýit Abulhaýyr, Hoja Ahmet Ýasawy, Baýram han, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly ägirtlerimiziň dürdäne öwüt-ündewlerine, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimize eýerip, şanly geçmişimize, beýik döwrümize buýsanjyňyz, giň dünýägaraýşyňyz, gujur-gaýratly, döredijilikli we tutanýerli zähmetiňiz bilen berkarar döwletimizi has-da gülledip ösdürmelisiňiz. Watanymyzyň geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, asuda we abadan durmuşynyň bähbidine okamak, öwrenmek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek, hemişe kämillige ymtylmak, il-ýurdumyzyň mertebesini, abraýyny gözüň göreji deýin goramak siziň durmuş ýoluňyzdaky baş maksadyňyz bolmalydyr. Watana, halka, adamzada ak ýürekden hyzmat edip, sylag-hormata mynasyp bolmak siziň mukaddes borjuňyzdyr. 

Hormatly mugallymlar we 

bilim işgärleri! 

Garaşsyz Watanymyz sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde bu gün dünýäde giňden tanalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, ony milli we öňdebaryjy tejribeler, umumy ykrar edilen halkara kadalar esasynda kämilleşdirmegiň aýgytlaýjy eýýamydyr. Milli bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde toplanan ägirt uly tejribelerimizden ugur alyp, bu gün ýaş nesilleri terbiýelemek we okatmak babatda uly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýarys. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman çagalar baglaryny, orta mekdepleri, hünär bilimi edaralaryny gurup, ýaş nesillerimiziň ýokary hilli bilim almaklary, sagdyn ösmekleri üçin oňaýly şertleri döredýäris. Abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarymyzyň has-da ösdürilmegine uly üns berýäris. 

Hormatly mugallymlar we 

bilim işgärleri, mähriban uçurymlar! 

Sizi «Soňky jaň» dabarasy we okuw ýylyny üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/40738/turkmenistanyn-orta-mekdeplerinin-ucurymlaryna-mugallymlaryna-we-ahli-bilim-isgarlerine-5