Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisine gatnaşyjylara
Çeper elli mähriban halyçylar!
Hormatly myhmanlar!
Sizi milli buýsanjymyz, müdimi sungatymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmen zenanynyň zehininden hem-de akyl-paýhasyndan dörän, nepisligi, müň dürli öwüşgini, tebigylygy, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halysy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gözellik nusgasydyr. Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýaraşygy, törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolmak bilen, dünýäde ykrar edilen, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp sungat ýadygärligidir.
Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly halyçylar!
Türkmen halysy halkymyzyň gadymy sungaty bolup, onda il-günümiziň ruhy gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar. Zenan yhlasyny, dünýägaraýşyny, ýürek arzuwlaryny göllerdir nagyşlaryna siňdiren halylar bize ata-babalarymyzyň ýaşaýyş gymmatlyklary hakynda düýpli düşünjeleri berýär. Nepisligi, inçeligi, ýüpek ýaly ýumşaklygy, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, diline, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi jemlenendir. Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr. Merdana halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň, onuň milli aýratynlygyny, dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhuny saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara beslenmeginiň özboluşly alamatydyr.
Hormatly halyçylar we halyşynaslar!
Gadyrly myhmanlar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek, halylaryň täze nusgalaryny döretmek, gadymy asyl nusgalaryny gorap saklamak, dikeltmek üçin möhüm şertler döredilýär. Täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilip, olarda halyçy gelin-gyzlarymyzyň zähmet çekmegi, dynç almagy üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda halkara sergiler, ýarmarkalar, maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi hem-de haly we haly önümleriniň sergisi hem Diýarymyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpöwüşginliligini ähli aýdyňlygy bilen görkezer.
Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly halyçylar!
Sizi toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, asuda, abadan, bagtyýar durmuş, halyçylyk sungatymyzy ösdürmek, dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, çeper elli, uz barmakly halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp dursun!
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi