Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk işi bilen baglanyşykly, şeýle-de başga birnäçe kanunlary döwrebaplaşdyrmak babatda işler dowam etdirilýär. Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine şu ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça merkezi saýlaw topary bilen bilelikde amala aşyrylýan işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işler halkara kadalara, milli kanunçylyga laýyklykda alnyp barylýar.
Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda habar berildi. Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy we Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça Ýörite wekiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyklar geçirildi. Parlamentiň ýolbaşçysy Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen “Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar” atly maslahat barada hem habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz döwrüň talap edýän täze kanunlaryny taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty bu kanunlarda öz beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini, ähli pudaklarda oňyn görkezijileri üpjün etmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça görülýän çäreler hakynda aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-hojalyk işleriniň deslapky hasaplamalaryna seljermeleriň geçirilendigi barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak barada teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konsernini zerur bolan önümler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, nebit we gaz guýularynda burawlamak işlerini ýerine ýetirmek, pudaga öňdebaryjy halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý oragyny geçirmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryna tabşyrmak, gallaçylar bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg etmek, hatarara bejergi işleri, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, oňa ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýetişdirmek, bu önümler bilen ilaty üpjün etmek boýunça işler amala aşyrylýar. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça tagallalar edilýär. Suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda degişli çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki talaplara laýyklykda alyp barmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz galla oragynyň barşyny, sürüm işlerini, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek işlerini hem talabalaýyk ýola goýmak barada görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik we şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ony ýaşamak, işlemek, dynç almak üçin amatly şähere öwürmek ugrunda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň şaýollarynda, köçelerinde, seýilgählerinde oturdylan daşky yşyklandyryş ulgamlaryna tehniki taýdan hyzmat edýän gullugyň işini kämilleşdirmek, hususan-da, döwrebap awtotehnikalar bilen üpjün etmek boýunça işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin ýöriteleşdirilen döwrebap awtotehnikalary satyn almak baradaky teklibi goldady we degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edilen 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol kartasy”) laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň, işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlislerini, “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisini geçirmegiň teklip edilýändigi aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Özbegistan Respublikasynyň biziň ýakyn hyzmatdaşymyz bolup durýandygyny belledi hem-de Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji mejlisine, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisini hem guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi.
Soňra wise-premýer daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde “Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forumy geçirmäge taýýarlyk görülýär. Forumyň 4 — 7-nji noýabrda BAE-niň paýtagtynda nebitgaz, energetika pudaklaryna, täze tehnologiýalara, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara bagyşlanyp geçiriljek (ADIPEС) Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýär. Dünýäniň ýurtlarynyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini göz öňünde tutup, giň gerimli halkara gözden geçirilişiň meýdançasynda maliýe-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat, söwda, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag-aragatnaşyk we beýleki pudaklaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş çärelerini guramak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çäreleriň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek forum hem ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini, ýeten belent sepgitlerini açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe bolar. Şoňa görä-de, Bütindünýä sergisiniň meýdançasynda guralmagy meýilleşdirilýän «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forumyň ýokary derejede geçirilmegini gazanmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere bu ugurda degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek aýda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň, ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik we zehin bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny guramak göz öňünde tutulýar. Iýul aýynda ýurdumyzyň kitaphanalarynda çagalar edebiýatlarynyň tanyşdyrylyş dabaralary, çagalaryň arasynda çeper okaýyşlardyr beýleki çäreler geçiriler. Mundan başga-da, amaly-haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşlerini, zenanlaryň el işlerini wagyz etmek maksady bilen, “Milli mirasymyz dowamat-dowam” atly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de “Çalsana, bagşy!”, “Ýaňlan, Diýarym!”, “Gülüň owadan!” atly bäsleşikleri, Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilýändigini, beýik ösüşlerimizi beýan edýän dabaraly çäreleriň guralýandygyny belläp, wise-premýere şu ýylyň iýul aýyndaky çäreleri hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow “Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibiniň” taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar, strategiýalar, konsepsiýalar we meýilnamalar kabul edilýär, döwletimiziň, jemgyýetimiziň ösüşiniň esasy ugurlary nazara alnyp, ygtybarly kanunçylyk-hukuk binýady döredilýär. “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibiniň” taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminama ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça döwlet ylmy-tehniki syýasatynyň amala aşyrylyşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň maliýe, maddy, işgärler mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, ylmy hem-de tehnikany ösdürmäge we beýleki wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ylym ulgamyna aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Nygtalyşy ýaly, ylym ulgamyny dolandyrmak we maliýeleşdirmek işini has-da kämilleşdirmek, hukuk esaslaryny düzgünleşdirmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow howanyň üýtgemegi babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwletimiz ählumumy gün tertibiniň strategik taýdan möhüm meselelerine, hususan-da, howanyň üýtgemegi bilen bagly meselä aýratyn üns berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) hormatly Prezidentimiz bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Häzirki wagtda olary amala aşyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandy (NDC) tassyklanylyp, ony durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Şol bir wagtda, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň esasynda Türkmenistanyň 4-nji milli hasabatyny taýýarlamak işleri jemlenilýär we şu ýylyň ahyryna çenli bu hasabaty agzalan Konwensiýanyň Sekretariatyna ibermek göz öňünde tutulýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11 — 22-nji noýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahaty (COP29) geçiriler. Onuň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň giň toplumyna serediler we degişli hasabatlar diňleniler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň möhüm başlangyçlaryna esaslanyp, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy.
“COP29-a” ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça indiki aýdan ulgamlaýyn esasda taýýarlyk işlerine başlamak hem-de 22-nji iýulda Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara komissiýanyň çäginde döredilen iş toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär. Bu mejlisiň netijeleri boýunça Türkmenistanda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça täze taslamalary işläp taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar.
Şu ýylyň noýabrynda Bakuwda geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň 19-njy maslahatynyň (COY19) öňüsyrasynda sentýabrda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatlaryny guramak teklip edilýär. Mundan başga-da, şu ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda BMG-niň howandarlygynda bu guramanyň Azyk we oba hojalyk guramasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Bütindünýä azyk maksatnamasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahaty guramak baradaky teklip beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara tagallalara ýurdumyzyň goşandynyň möhüm bolup durýandygyny belledi. Türkmenistan bu ugurda halkara we milli derejede maksada okgunly işleri alyp barýar. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, hödürlenen teklipleri goldady we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Sanly çözgüt — 2024” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgama geçmek, programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýokarda agzalan bäsleşigi geçirmek we onuň jemlerini “Türkmentel — 2024” atly halkara serginiň çäklerinde jemlemek göz öňünde tutulýar. Nobatdaky bäsleşigi emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyrmak, “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary, “akylly” öý, “akylly” şäher, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Her ýyl geçirilýän innowasion taslamalaryň bäsleşigine programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlaryň giňden gatnaşmagy bu ugurdaky özgertmeleriň rowaçlanýandygyny görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz agentligiň ýolbaşçysynyň «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibini goldap, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny görkezýär. Döwrebap şäherde ýaşamak, işlemek we medeniýetli dynç almak üçin ähli amatly şertler döredildi.
Hormatly Prezidentimiz bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna degişli binalary we desgalary gurmak hakynda Karara gol çekip, Gahryman Arkadagymyzy we mähriban halkymyzy, mejlise gatnaşyjylary Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy we türkmen halkynyň Milli Liderini bu şanly waka bilen gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
https://tdh.gov.tm/tk/post/41185/turkmenistanyn-ministrler-kabinetinin-mejlisi-131