Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi.
Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.
Mälim bolşy ýaly, dünýäniň döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Uzak möhletli geljege niýetlenen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk esasy ulgamlary öz içine alýar hem-de iki ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-eýran gatnaşyklary häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň özi dostlukly döwletleriň öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, hyzmatdaşlygyň kuwwatynyň berkeýändigi bilen şertlendirilendir. Haryt dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagy, bilelikdäki giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, syýasy ynanyşmagyň berkidilmegi, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça birek-biregiň işjeň goldanylmagy, halkara we sebit işlerinde özara hereketler döwletara dialogyň okgunly ösmeginiň möhüm şerti bolup durýar.
Energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikler Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň tutuş sebitde netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin strategik ähmiýete eýedigini görkezýär.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hem üstünlikli ösdürilýändigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda ysnyşykly medeni we ylmy alyşmalaryň ýola goýulmagy, türkmen, eýran wekiliýetleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlaryň, forumlaryň geçirilmegi, özara Medeniýet günleriniň, amaly-haşam sungatynyň sergileriniň, beýleki bilelikdäki çäreleriň guralmagy munuň aýdyň güwäsidir.
Sebit we ählumumy gün tertibiniň ençeme meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygy Türkmenistan bilen Eýranyň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk etmegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gezekki sapary, ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri hem döwletara dialogy has-da pugtalandyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam eder.
...Iki goňşy döwletiň baýdaklary bilen bezelen Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýokary wezipeli resmi adamlar mähirli garşyladylar. Bu ýerde Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdiniň söhbetdeşligi boldy. Milli Liderimiz hem-de hanym Farzane Malwajerd ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň netijelidigini belläp, Türkmenistan bilen Eýranyň hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtadylar. Munuň özi köp babatda köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çalyşýan iki ýurduň garaýyşlary bilen şertlendirilendir.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň awtoulag kerweni “Saadabad” toplumynyň “Jumhuri” köşgüne ugrady. Şol ýerde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Merkezi girelgäniň öňünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Prezident Masud Pezeşkian mähirli garşylady. Gahryman Arkadagymyz we Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutany dostlarça salamlaşyp, köşge barýarlar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy boldy.
Soňra çäkli düzümde duşuşyk geçirildi.
Prezident Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp we Eýrana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde işjeň ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Eýranyň Baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşýandygyna hem-de netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýollary barada pikir alyşmaga örän şatdygyny nygtady. Häzirki gepleşikleriň örän wajypdygy barada aýdyp, onuň iki goňşy döwletiň gatnaşyklarynda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen birlikde, munuň özi taraplaryň türkmen we eýran halklarynyň bähbidine hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandyklarynyň aýdyň güwäsidir.
Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurduň Baştutanyna türkmen wekiliýetine bildirilen ýokary derejedäki myhmansöýerlik, işlemek üçin döredilen şertler, şu günki duşuşyklar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan hem-de öz adyndan Masud Pezeşkiany Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek gutlady we alyp barýan döwlet bähbitli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Masud Pezeşkiana döwlet Baştutanymyzyň salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirip, özüne amatly bolan wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylyk hatyny gowşurdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen salamy we hoşniýetli sözleri üçin hoşallygyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, çakylyk üçin sagbolsun aýtdy hem-de özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen baryp görjekdigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Liderine pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby sowgat berdi.
Gahryman Arkadagymyzyň bu eserinde Ogulabat ejäniň durmuş ýoly we türkmenleriň özboluşlylygynda öz beýanyny tapan, Watana wepaly, mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam edýän gymmatlyklar barada gürrüň berilýär. Milli Liderimiz kitabynda möhüm ähmiýetli medeni gymmatlyklara — halk döredijiliginde, tymsallarda, rowaýatlarda öz beýanyny tapan parasatly ýörelgelere ýüzlenýär. Halk döredijiliginiň şol eserleriniň köpüsi giňden mälimdir. Terbiýäniň, watansöýüjiligiň özara baglanyşygy baradaky pikir kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şunuň bilen birlikde, ol Watanymyzyň geljegi bolan türkmen ýaşlary üçin pähim-paýhasyň, bilimleriň çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby minnetdarlyk bilen kabul edip, ony türkmen halkyna gymmatly sowgat, biziň enelerimize belent sarpanyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.
Mälim bolşy ýaly, ene-atalara hormat goýmak halkymyzyň gadymdan gelýän däbidir. Meniň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserimde bular barada jikme-jik beýan edilýär. Bu däp biziň enelerimize hormat-sarpanyň ýokary nusgasy bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Kitapda enäniň, maşgala ojagynyň mukaddesligi, Watana söýgi, ene-atalaryň we çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň esaslary barada gürrüň berilýär. Munuň özi ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm orny eýeleýär.
Halkymyz gadym döwürlerden bäri ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär, olarda zähmetsöýerlik, ýaşululara hormat goýmak ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine jogapkärçilikli çemeleşilýär. Bu gymmatlyklar häzirki döwürde ösüp gelýän nesli terbiýelemekde ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyz bu eseriň pars diline terjime edilmeginiň möhümdigi barada aýdyp, onuň doganlyk ýurduň giň okyjylar köpçüligi üçin gyzykly we peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy kitabyň pars diline terjime edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Eýranyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür, işinde uly üstünlikleri, doganlyk halka bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň maýynda pajygaly ýagdaýda aradan çykan Eýran Yslam Respublikasynyň şol wagtky Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşandygyny belledi. Ol gysga döwrüň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy köp ugurlar boýunça ösdürmek üçin ägirt uly işleri amala aşyrdy diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bellenen meýilnamalaryň hem-de taslamalaryň ählisiniň durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady ulgamy Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.
Şunda gaz pudagy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde bellenildi. Biziň ýurtlarymyz uzak ýyllaryň dowamynda bu ugurda hyzmatdaşlyk edýär. Onuň çäklerinde Eýrana we onuň üsti bilen “swap” görnüşinde beýleki ýurtlara türkmen tebigy gazy iberildi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de Türkmenistanyň bu işleri has giň gerimde dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Ýakyn geljekde şeýle usulda Yrak Respublikasyna-da türkmen tebigy gazynyň iberiljekdigi bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, Halk Maslahatynyň Başlygy Eýrana iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmak babatda tagallalaryň edilýändigini aýdyp, bu ugurda eýran kompaniýalary bilen taslamalary we işleri bilelikde amala aşyrmagy teklip etdi.
Beýleki bir möhüm ugur elektroenergetika pudagy bilen baglanyşyklydyr. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz bu pudakda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmen elektrik energiýasynyň Balkanabat — Gonbat we Şatlyk — Sarahs ugurlary boýunça Eýrana iberilýändigi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň taslamasy boýunça eýran kompaniýalary bilen deslapky işleriň ýerine ýetirilýändigi barada aýdyldy.
Üçünji ugur ulag ulgamy bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurda eýran tarapy bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardygy tassyklanyldy. Gahryman Arkadagymyz ýol gurluşygy boýunça bilelikde işlemek hakynda aýdyp, bu ýerde gürrüňiň türkmen-eýran serhedinden Türkmenistanyň Etrek we Gumdag şäherlerine çenli uzajak awtomobil ýolunyň gurulmagy barada barýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, agzalan taslamany amala aşyrmak boýunça degişli Ähtnamanyň esasynda deslapky işleriň ýerine ýetirilýändigine üns çekildi.
Milli Liderimiz bu ileri tutulýan ugurlarda meýilleşdirilýän bilelikdäki işleri ýakyn wagtda durmuşa geçirmäge başlamagy teklip edip, munuň üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny aýtdy.
Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyny mümkin bolan gysga wagtda guramak boýunça degişli işleri geçirmegi teklip etdi. Munuň özi täze taslamalary amala aşyrmak bilen bagly ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer. Halkara we sebit syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde dowam etdi. Gün tertibine ikitaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyň giň meseleleri girizildi.
Prezident Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Liderini we Türkmenistanyň uly wekiliýetini kabul edýändigine şatdygyny belläp, Eýranyň köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň kuwwatly binýadyna esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Goňşy ýurduň Baştutany Türkmenistany hoşniýetli dost we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz Eýranyň Prezidentine mähirli garşylandyklary, görkezilen myhmansöýerlik we döredilen oňaýly şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Eýran Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge degişli meseleleri maslahatlaşmak üçin Eýrana iş sapary bilen gelendigini aýtdy.
Syýasy babatda biz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna we öňe sürýän halkara başlangyçlaryna berýän yzygiderli goldawlary üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Eýran Yslam Respublikasy şu güne çenli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň teklipleri esasynda 26 sany Kararnamanyň kabul edilmegine uly goldawlaryny bermek bilen, olaryň köpüsiniň awtordaşlarynyň hatarynda çykyş etdi.
Häzirki döwrüň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmagyň çäklerinde taraplar halkara meselelerde mundan beýläk-de bilelikde işlemäge meýillidiklerini tassykladylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda halkara howpsuzlyk meselesi dünýä syýasatynyň wajyp mowzuklarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek işine goşant goşmak ugrunda uly tagalla edýändigi nygtaldy. Hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň öňe süren Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjynyň wajypdygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy bu teklibiň durmuşa geçirilmegi babatda eýran tarapynyň öz goldawlaryny berjekdigine ynam bildirdi. Türkmen tarapy hem, öz gezeginde, Eýranyň halkara ähmiýetli başlangyçlaryny goldaýar we goldamagyny dowam etdirer diýip, Milli Liderimiz aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada durup geçip, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberiniň ýokary derejelere eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, has-da ýokary boldy. Özara söwdanyň möçberini ýokarlandyrmak üçin degişli çäreleri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy we ikitaraplaýyn esasda iberilýän önümleri we harytlary artdyrmak teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu işlere hususy kompaniýalary işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Gaz pudagy ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady we türkmen tarapynyň Eýrana iberilýän gazyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny belledi. Bu maksada ýetmek üçin bar bolan gaz geçiriji infrastrukturany täzelemek, täze desgalary gurmak we munuň üçin maýa goýmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň çäginde iki sany täze gaz gysyjy desgany we 125 kilometrlik täze gaz geçirijini gurmagyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Munuň özi Eýrana iberilýän türkmen tebigy gazynyň goşmaça möçberini «Çaloýuk» gaz ölçeýji desgasyna çenli akdyrmaga mümkinçilik berer. Bu baradaky gürrüňiň dowamynda ýakyn geljekde “swap” usuly arkaly türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna we soňra Türkiýä ibermegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.
Taraplaryň pikirine görä, elektroenergetika pudagy hem özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berýär. Bu ugurda bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesi toplandy. Biz elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek ugrunda tagalla edýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we bu babatda möhüm taslama bolan Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň ähmiýetini belledi. Güýjenmesi 500/400 kilowolta barabar bolan bu elektrik geçiriji Mary şäherinden başlap, Sarahsa we ol ýerden türkmen-eýran serhedine çenli uzalar. Onuň türkmen-eýran serhedine çenli uzynlygy 155 kilometre deň bolar.
Taraplaryň belleýişleri ýaly, ulag ulgamy hem ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ulaglar babatda Eýran bilen özara hereketleri pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Hususan-da, ýük gatnawlarynyň artdyrylmagy möhüm wezipe bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýurtlarymyzyň awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyň gowy tejribesini toplandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu ugurdaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylyň maýynda Eýrana bolan resmi saparynyň dowamynda türkmen-eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli awtomobil ýoluny gurmak barada ylalaşygyň gazanylandygyna üns çekildi. Uzynlygy 242 kilometre deň bolan bu ýoluň gurluşygyna eýran kompaniýalarynyň gatnaşmagy teklip edildi. Geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda agzalan awtomobil ýoluny gurmak boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilipdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy demir we awtomobil ýollary arkaly ikitaraplaýyn ýük gatnawlaryny artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz “Sarahs” we “Inçeburun” demir ýol geçiriş nokatlaryndan geçýän harytlaryň möçberini köpeltmegi teklip edip, ýurdumyzyň bu ugurda eýran tarapy bilen bilelikde işlemäge taýýardygyny tassyklady. Milli Liderimiz häzirki wagtda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň işjeňligini ýokarlandyrmak we bu ugur boýunça geçýän awtomobil ýoly arkaly ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, üçtaraplaýyn esasda işlemegi teklip etdi. Bu hereketleri amala aşyrmak üçin ýurtlarymyzyň kompaniýalaryny işe çekmek ýerlikli bolar diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekip, Ermenistan — Eýran — Türkmenistan — Gazagystan üstaşyr ulag geçelgesi boýunça ýük daşamak we bu ugry netijeli peýdalanmak babatda tekliplerini beýan etdi. Şeýle-de taraplar ýokarda agzalan strategik taýdan ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly işleri has-da berkitmek üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň işini güýçlendirmegiň maksadalaýykdygyna ünsi çekdiler.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesine aýratyn orun berildi. Şunda özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, geçen ýylyň noýabrynda Eýranyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri guraldy. Ýurdumyzda hem eýran tarapy bilen bilelikde dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli şu ýylyň maýynda Eýranda bilelikdäki medeni-köpçülik çäreleriniň guralandygy üçin eýran tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň geçirilmegi dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz öz adyndan we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, taraplar dürli ulgamlarda, hususan-da, ileri tutulýan ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama”, Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunyň arasynda doganlyk port gatnaşyklary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, “Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2025-2026-njy ýyllar üçin Maksatnamasy” bar.
Prezident Masud Pezeşkian geçirilen gepleşikleriň netijelerini teswirläp, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we geljeginiň, halkara hem sebit syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, mundan beýläkki gatnaşyklaryň anyk ugurlarynyň kesgitlenendigini belledi. Şunda duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygy aýratyn nygtaldy. Gepleşikler döwletara dialoga mahsus bolan özara ynanyşmak we açyklyk ýagdaýynda geçdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutany ýokary derejedäki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolandygyny aýdyp, gazanylan ylalaşyklaryň iki doganlyk halkyň gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin giň mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkiana bildirilen myhmansöýerlik hem-de netijeli gepleşikleri geçirmek babatda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz gadymy Eýran topragynda bolmagy özi üçin uly hormat hasaplaýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkymyzyň “Kyýamat güni goňşudan” diýen parasatly pähimini ýatlap, köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barmakda işleriň diňe öňe gitmek bilen utgaşdyrylýandygyny belledi. Şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasynda ençeme resminamalara gol çekilendigine üns çekildi. Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, dünýäde iki gezek ykrar edilen ýeke-täk Bitarap döwlet bolan Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygy üçin Eýran Yslam Respublikasyna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günki duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklary barada ençeme meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylandygyny, energetika, ylaýta-da, gaz pudagynda işjeňligi artdyrmak barada bellenendigini aýtdy. Şonuň ýaly-da, elektrik energiýasy babatda gatnaşyklary ösdürmek, kuwwatlyklary güýçlendirmek meselelerini, ulag ulgamynda infrastrukturany mundan beýläk-de ilerletmek, şol sanda halkara çatryk hökmünde Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesini bilelikde netijeli ulanmak boýunça pikir alyşdyk diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamalaryň geljekde sebitde, umuman, dünýäde uly orun eýelejekdigine pugta ynam bildirdi.
Iki halky asyrlardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Ýurtlarymyzda taryhyň dowamynda ençeme şahsyýetler ýaşap geçdi. Şolaryň hatarynda has bize ýakyn bolany Magtymguly Pyragydyr. Bilşiňiz ýaly, şu ýyl onuň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi bellenilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanda geçiriljek toý-baýramlara ýene-de bir gezek çagyrýandygyny aýtdy.
Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitaby pars diline terjime etmäge gatnaşan işgärleriň ählisine minnetdarlygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, munuň özi türkmen halkyna, onuň milli däplerine ägirt uly hormat-sarpanyň aýdyň güwäsidir. Milli Liderimiz taryhyň dowamynda bolşy ýaly, enä hormat goýmagyň, beýik ynsana tagzym etmegiň mukaddeslikdigini aýdyp, enäniň maşgala ojagydygyny, geljekki çaga edebidigini, Watana bolan söýgüdigini, umuman, dowamat-dowamdygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyz pars diline terjime edilen bu kitabyň Türkmenistanda tanyşdyrylyş dabaralarynyň geçiriljekdigini belledi hem-de şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyga ýokary baha berip, saparyň jemleriniň türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.
Milli Liderimiz köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlenmek bilen, çykyşyny “Goý, türkmen-eýran dostlugy baky bolsun!” diýen sözler bilen jemledi.
***
Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri bilen duşuşdy.
Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda köp asyrlardan bäri dowam edýän we häzirki döwürde okgunly ösdürilýän gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. Şol gatnaşyklar dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli kabul edendigi we türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Beýik ruhy lider bilen bolýan duşuşyklaryň her birinde iki ýurt üçin özara bähbitli möhüm meseleler barada maslahat edilýändigini nygtady. Maslahatlaşmalara geçmezden ozal, türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň 19-njy maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň şol wagtky Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, beýleki resmi wekilleriň dikuçar heläkçiliginde aradan çykandygy zerarly ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi. Seýed Ebrahim Raisi, hakykatdan-da, türkmen halkynyň uly dosty boldy, döwletara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda köp işleri bitirdi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Beýik ruhy lideriň Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky dostluk-doganlygy berkitmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda köp işleri bitirýändigini, örän uly goşant goşýandygyny belläp, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Men diňe eýran doganlarymyz bilen gepleşiklerde belläp geçýärin, ýagny türkmen halkynyň parasatly pähimlerinde «Kyýamat güni goňşudan» diýilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň hem hemişe iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýandygyny nygtaýandygyna üns çekildi.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler dürli ugurlarda, hususan-da, nebitgaz, elektroenergetika, ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýyl Eýranda türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli medeni çäreleriň geçirilendigini belläp, bu babatda beren goldawlary üçin Beýik ruhy lidere minnetdarlyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Seýed Ali Hoseýni Hameneýi hoşlaşanlarynda, türkmen we eýran halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra Milli Liderimiziň awtoulag kerweni “Mehrabad” Halkara howa menziline bardy we Gahryman Arkadagymyz şol ýerden Watanymyza ugrady.
Biraz salymdan soňra, uçar paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar garşyladylar.
***
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy. Olarda ýangyç-energetika, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda, gümrük edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklarda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi hem-de Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet we hususy düzümleriniň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy.
Duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn geljekde iş ýüzünde durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirildi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi