Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizi jebislige, beýik ösüşlere ruhlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. Ösüşleriň we özgerişleriň, döretmegiň, gurmagyň nusgalyk ýoly bilen ynamly öňe barýan häzirki beýik döwrümizde milli tejribelerimize eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris. Bu özara baglanyşykly, toplumlaýyn işler ýurdumyzyň bilim binýadyny has-da berkitmek bilen birlikde, ilkinji nobatda, bilimli, ylymly, Watanyň beýik geljegi, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine, jemgyýetimizde ylmyň we bilimiň gymmatynyň has-da artmagyna oňyn täsir edýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp, bilimler dünýäsine ilkinji gadamyny basýan körpelerimize ýadygärlik sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleriň gowşurylmagy, eziz Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde täze, döwrebap orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösýändigine, bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Biz geljekde hem ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns bereris.
Eziz okuwçylar, mähriban talyp ýaşlar!
Eziz Watanymyzyň geçmişine, berkarar döwletimiziň şu günki ýeten belentliklerine, abraý-mertebesine guwanýan, maşgala ýörelgelerine, ata-enä, dogan-garyndaşa, il-güne ygrarly, ylymly-bilimli, watansöýüji nesiller biziň buýsanjymyzdyr. Siz Oguz han, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly Pyragy ýaly beýik alymlarymyzdyr akyldarlarymyzyň Watany söýmek, agzybirlik, dost-doganlyk ýaly öwüt-ündewlerine eýerip, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň baglanyşygyny özünde jemleýän asylly ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirýän nesiller hökmünde özüňizi tanatmalysyňyz. Okamagy we öwrenmegi, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmegi, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini belende götermegi durmuş mekdebiňize öwürmelisiňiz.
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Aşgabat şäherinde mugallym, esger, ilhalar ynsan, Watany söýmekde nusgalyk yz galdyran Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi beýik taryhy şahsyýetlerimize belent sarpa goýulýandygyna şaýatlyk edýär.
Biz Garaşsyz Diýarymyzyň ähli künjeginde häzirki zaman kompýuterleri, multimedia tehnologiýalary, okuw-usuly esbaplar bilen üpjün edilen döwrebap orta mekdepleri, çagalar baglaryny, hünär bilim edaralaryny gurmak, bilim işini ylmy, nazary, amaly taýdan kämilleşdirmek arkaly milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarýarys. Ylym-bilim ulgamynda iri halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine uly ähmiýet berýäris. Bu dabaraly günde biz Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdebi hem açyp ulanmaga bereris.
Başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň berkararlygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek, ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri ýaş nesillerimiziň aňyna ýetirmek, gujur-gaýratly, ylymly, bilimli, dörediji we gurujy ýaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmak ugrunda «mugallym» diýen belent ada mynasyp bolan watandaşlarymyzyň hyzmatyna uly hormat goýýarys. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» kabul etmek bilen, biz 2024-2025-nji täze okuw ýylyndan iň gowy dünýä tejribesinden we bilim ulgamynyň milli aýratynlyklaryndan ugur alýan bilim özgertmelerimiziň täze tapgyryna badalga berdik.
Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, siz ýaş nesillerimiziň sagdyn ösmegi, okamagy, öwrenmegi ugrunda alyp barýan işleriňizi üznüksiz kämilleşdirmelisiňiz. Ylymly, bilimli, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde elmydama döredijilikli gözleglerde bolup, bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmakda oňyn netijeleri gazanmalysyňyz.
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!
Sizi Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, okuwda, işde uly üstünlikleri, maşgala abadançylygyny arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi