Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda sadaka berildi
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde sadaka berildi.
Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna eýerip, Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde agzybirlikde sadaka bermek baradaky teklip bilen mejlise gatnaşyjylara ýüzlendi we bu teklip biragyzdan goldanyldy.
Türkmenbaşynyň ruhy metjidiniň ýanyndaky kümmetiň öňünde hajy Arkadagymyz hem-de Arkadagly hajy Serdarymyz mähirli garşylanyldy.
Ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow metjidiň ýanyndaky kümmetde ýadygärlige gül dessesini goýdular.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabatda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary ýadygärlige gül desselerini goýdular.
Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowy hatyralap aýat-doga okady.
Soňra Gahryman Arkadagymyz daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigini belledi. Munuň özi milli demokratiýanyň dabaralanýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda dünýä döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz doly ygtyýarly wekillere şeýle möhüm çärelere yzygiderli gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ilçiler, öz gezeginde, şu günki berilýän sadakanyň Allanyň dergähinde kabul bolmagyny dilediler hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Soňra hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz kümmetiň aşaky gatyna düşdüler. Bu ýerde müfti Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hem-de onuň ýakynlaryny hatyralap aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we döwlet Baştutanymyz kümmetden çykyp, Türkmenbaşynyň ruhy metjidine bardylar. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýolugruna abatlaýyş-abadanlaşdyryş işleri geçirilen metjidiň binagärlik aýratynlyklaryny we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synladylar.
Birbada 10 müň adamyň namaza durmagyna niýetlenen metjidiň abatlaýyş-abadanlaşdyryş işleri Arkadagly hajy Serdarymyzyň tagallalary bilen amala aşyryldy. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Metjidiň daşky görnüşinde bolşy ýaly, onuň içki timarlaýyş işlerinde-de gymmat bahaly gurluşyk we bezeg serişdeleri peýdalanylypdyr.
Türkmenistanyň müftüsi mukaddes Gurhandan aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdi hem-de abadanlaşdyryş işleri geçirilen metjitde adamlaryň namaz okamagyna döredilen amatly şertler üçin ähli dindarlaryň adyndan hoşallyk bildirdi.
Soňra Gahryman hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz ähli öten-geçenlerimizi ýatlap berilýän sadaka gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sadaka gatnaşýanlara ýüzlenip, şu gün Gypjak metjit toplumynda sadaka berilýändigini aýtdy hem-de «Agzybire Taňry biýr...» diýlişi ýaly, düýn Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilendigini belläp, onda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli işleri giňden beýan edendigini, öňümizde durýan möhüm wezipeleri kesgitländigini nygtady. Şeýle hem berkarar döwletimizi mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli Permanlara gol çekildi. Gol çekilen Permanlaryň biri-de 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary derejede geçirmek bilen baglydyr. Bu bizi aýratyn begendirýär, guwandyrýar. Syýasy ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işleri üstünlikli durmuşa geçirmekde badalga bolup durýar. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe sürmegi esasynda degişli Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bize uly jogapkärli wezipäni ýükleýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam edip, bu gün öten-geçenlerimizi, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti merhum Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny ýatlap, sadaka berilýändigini belledi. Halkymyzyň mukaddes däp-dessuryny berjaý edip, «Ölüsini sylan beg bolar» diýlişi ýaly, biz şu gün türkmeniň gadymy däp-dessurlaryny berjaý edýäris. Bularyň hemmesi sogaply, parz işler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmegini, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyna gönükdirilen taryhy işlerimiziň rowaç bolmagyny Beýik Biribardan dileg edýäris diýip, hajy Arkadagymyz nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň müftüsine tebärek çykyp bermegini haýyş etdi.
Türkmenistanyň müftüsi mukaddes Gurhandan aýat-dogalary okap, tebärek çykdy. Şunda özygtyýarly döwletimiziň geljekde-de gülläp ösmegi, halkymyzyň hemişe agzybir bolmagy, öňde goýlan belent maksatlara ýetilmegi, Watanymyzyň erkinligi we Garaşsyzlygy ugrunda şehit bolanlar, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban kyblasy hem käbesi, hormatly Prezidentimiziň atasy we enesi Mälikguly aga hem-de Ogulabat eje ýatlanylyp, olaryň ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagy dileg edildi.
Soňra sadaka gatnaşýanlara nahar çekilip, türkmen milli naharlaryndan datly tagamlar hödürlenildi. Duz-tagam dadylandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň müftüsiniň aýat-töwir edip bermegini sorady.
Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir edip, ýurdumyzda hajy Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly hajy Serdarymyzyň baştutanlygynda mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyny, beýik Garaşsyzlygymyzyň binýadynyň geljekde has-da pugtalanmagyny, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sadaka gatnaşyjylara ýüzlenip: “Bu gün, ine, hemmämiz bilelikde parz işini etdik. Öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdik. Berlen sadakalar, edilen doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz asuda, mukaddes ojaklar abadan, saçaklar rysgal-bereketli bolsun!” diýip dileg etdi.
Sadaka bermek ýaly asylly we mukaddes dessuryň berjaý edilmegi tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sadaka gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi