Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, şu günki geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisine ýüzlenmäge mümkinçilik berendigi üçin Arkadagly Serdarymyza minnetdarlygyny bildirdi.
Milli Liderimiz hormatly Prezidentimize hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, düýn — 24-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagyna 79 ýyl bolandygyny, döwlet Baştutanymyzyň bu abraýly halkara guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşmagynyň, ony guramanyň güni bilen gutlamagynyň ählimiz üçin uly mertebe bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri dünýäde hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen BRICS sammitinde eden çykyşynyň hem munuň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz, Siziň belläp geçişiňiz ýaly, dünýäniň strategik sebitleriniň biri bolan Merkezi Aziýa häzirki günde depginli ösüşleri gazanýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Sebitiň ýurtlary Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýurdumyzda hem Durnukly ösüş maksatlary boýunça edilen işler kän. Ýagny ykdysadyýeti, ekologiýany, hususyýetçiligi, ylmy-intellektual başlangyçlary ösdürmek ugrunda köp işler ýerine ýetirilýär. Geljekde hem bu ugurda degişli çäreler alnyp barlar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Gahryman Arkadagymyz, öz gezeginde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça çäreleri berk gözegçilikde saklajakdygyna ynandyryp, bu möhüm çäreleri amala aşyrmakda hemmelere uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam edip, häzirki wagtda eziz Watanymyzda sport ulgamyny ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, Türkmenistanyň diňe bir iri halkara ýaryşlara gatnaşmak bilen çäklenmän, sebit we dünýä derejeli ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini kanagatlanma bilen belledi. Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. BMG-ä agza ýurtlaryň biziň bu başlangyjymyzy goldamagy, 87 ýurduň oňa awtordaş bolmagy biziň üçin örän uly abraýdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Çözgüdine laýyklykda, şu ýyl Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bularyň ählisi Garaşsyz ýurdumyzda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.
Möhüm ähmiýetli Kararnama kabul edilenden soň hem biziň türgenlerimiz köp sanly halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň tuguny al-asmanda parladyp, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterdiler. Bu bolsa ýurdumyzyň sport syýasatynyň gowy netijeleri berýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, Daşary işler ministrligi bilen bilelikde halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlerimizi sylaglamak dabarasyny geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýylsaýyn özgerýän Diýarymyzda döwlet we halkara derejedäki dürli çäreleriň, toý-baýramlaryň giňden bellenilip geçilýändigini, sentýabr aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilendigini, ýakynda bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berlen, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň guralandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu çärelere taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk tarapdan köp işleri alyp bardy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine we halkara çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly awgust aýynda zähmet rugsadyny almandygy sebäpli, 1-nji noýabrdan zähmet rugsadynyň öwezini dolmak barada hormatly Prezidentimize ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçen ähli meseleleriniň, aýratyn-da, ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlary boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. “Ýaş türgenlerimiz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny belende göterýärler. Biz mundan beýläk hem olar üçin ähli şertleri dörederis” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 1-nji noýabryndan başlap zähmet rugsadyna çykmagy bilen bagly meseläni hem goldady.
Milli Liderimiz döwlet Baştutanymyza döredýän mümkinçilikleri üçin minnetdarlygyny bildirip, hemmelere ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini dowam edip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, administratiw hukuk bozulmalary, raýatlaryň zähmet gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly we beýleki hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça işler dowam etdirilýär. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde BMG-niň Ilat gaznasynyň guran maslahatyna, Bütindünýä Söwda Guramasynyň geçiren okuw sapagyna gatnaşdylar. Şeýle hem Mejlisiň wekilleri Parlamentara Birleşigiň 149-njy Assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde iş saparynda boldular. Deputatlaryň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça guralýan çärelere gatnaşýandyklary we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýändikleri barada hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mejlisiň deputatlarynyň ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşini kesgitleýän kanunlary işläp taýýarlamalydyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan şu ýylyň 1-nji noýabrynda “Türkmen manady — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşany” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Maslahatyň gün tertibine milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi netijesinde ýurdumyzyň gazanan ykdysady üstünlikleri, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly döwrebap bank hyzmatlaryny hödürlemek, elektron tölegler ulgamyny kämilleşdirmek, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Foruma ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş we bank edaralarynyň, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşarlar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, pudaklaýyn desgalaryň infrastrukturasyny kämilleşdirmek, geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet konsernini ýöriteleşdirilen tehnikalar, hususan-da, nebitgaz guýularyny burawlamakda, özleşdirmekde we düýpli abatlamakda ulanylýan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirip durmagyň zerurdygyny belledi hem-de ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Wise-premýer, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra wise-premýer hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişi dowam edýär, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta hasylyny, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, bu önümler bilen bazarlarymyzy üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär.
Ýurdumyzda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, maldarçylyk hojalyklarynda mallar üçin ot-iýmleri taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak üçin suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk alyp barmagyň, munuň üçin oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmegi dowam etdirmegiň, beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde-de netijeli işleri alyp barmagyň, ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýekşenbe güni Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigini, türkmen alabaýynyň merdana halkymyzyň gadymdan gelýän milli buýsanjydygyny belledi hem-de hemmeleri Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek hem-de zerur bolan abatlaýyş-tehniki işleri geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmegiň hemişe üns merkezinde saklanylýandygyny, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi hem-de resminamany sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, degişli resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginde özara sergileri hem-de ýurdumyzda Ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bellenen çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisini hem-de Ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp, goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, bu ugurda Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz noýabr aýynda Türkmenabat şäherinde Özbegistan Respublikasynyň milli sergisini we Ikinji sebitara forumy geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň noýabr aýynyň dowamynda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek, talyplardyr okuwçylaryň arasynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiadanyň we spartakiadanyň sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
3-nji noýabrda ýurdumyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni giňden belleniler. Şu mynasybetli birnäçe baýramçylyk dabaralaryny, şol sanda medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. 10-njy noýabrda bolsa Hasyl toýy mynasybetli giň gerimli çäreleri we dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Şu ýylyň 13 — 15-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda “Gorkut ata” halkara kinofestiwaly geçiriler. Şeýle hem 14 — 16-njy noýabrda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2024” atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirmek, “Sanly çözgüt — 2024” atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.
Wise-premýer şu ýylyň noýabr aýynda başga-da birnäçe möhüm ähmiýetli çäreleriň, şol sanda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar we şanly seneler bilen bagly noýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni, Hasyl toýy mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Hytaý Halk Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklar, hususan-da, ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Munuň özi ylym ulgamyny kämilleşdirmek hem-de bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige işjeň ornaşdyrmak, halkara ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleler giriziler. Şeýle hem forumda nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmek hakynda» Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol sözüniň başynda Hökümetiň agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Duslyk” ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisine syýasy taýdan örän ähmiýetli we manyly çykyşy bilen gatnaşandygy bellenildi. Hormatly Arkadagymyzyň bu mejlise gatnaşmagy hemmämiz üçin uly hormatdyr we uly jogapkärçilikdir diýip, wise-premýer, daşary işler ministri aýtdy. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary derejedäki ornuny belläp, “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama boýunça esasy pikirini paýlaşdy we bu babatda öz tekliplerini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtap, hormatly Prezidentimizi Birleşen Milletler Guramasynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän başlangyçlary BMG-niň çäklerinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilýän Kararnamalarda öz beýanyny tapýar.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu gün BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsi we sebitdäki hemme ýurtlar bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň bu daşary syýasy üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, bu geňeş döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde 2024-nji ýylyň martynda döredildi. Şu ýyl onuň mejlisleriniň ikisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna noýabr aýynda geňeşiň nobatdaky mejlisini geçirmek we onuň gün tertibi baradaky teklipler hödürlenildi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama laýyklykda, Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň meýilnamasynyň deslapky taslamasy işlenip düzüldi we ony öňümizdäki mejlisde ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär. Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksady bilen, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy we ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudak edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan «2024 — 2026-njy ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasyna» garamak teklip edilýär. Bu resminamanyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde birnäçe çäreleri guramak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyz bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu Kararnama bilen bagly ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz geňeşiň nobatdaky mejlisini geçirmek hem-de mejlisde degişli çäreler boýunça soraglary ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly teklibi goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gury ýük gämileriniň ýokary depginde alnyp barylýan gurluşygy netijesinde bu ugurda ýerli hünärmenler taýýarlanylyp, zawodda dünýäniň iň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylýar we zawodyň awtomatlaşdyrylan enjamlary işe girizilýär. Şunuň bilen birlikde, zawodyň has netijeli işlemegi üçin onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, bu ýerde täze enjamlary öndürmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gury ýük gämileriniň gurluşygyna badalga berilmeginiň milli senagatyň täze ugruny ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny aýtdy. Munuň özi ýükleriň möçberini yzygiderli artdyrmaga, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işini kämilleşdirmäge itergi berýär. Şunda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna hem aýratyn orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz bu döwrebap zawodyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegini teklip etdi. “Bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlalyň, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşuralyň!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu hoş habar hormatly Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, Türkmenistanyň dünýäde «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygynyň güwäsi bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň biziň bu başlangyjymyzy goldamagy, sebitdäki hemme ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin uly abraýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we teklibi biragyzdan goldan ähli ýurtlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hemmeleri «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
https://tdh.gov.tm/tk/post/42832/turkmenistanyn-ministrler-kabinetinin-mejlisi-140