Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ösen tehnologiýalary, sanly ulgamy özleşdirmek, önümçilige intellektual eýeçiligi ornaşdyrmak meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu işler döwür bilen aýakdaş gitmegiň esasy şerti bolup durýar.
Iş maslahatynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow häzirki zaman ylmynyň aýratynlyklary, ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek we ýaşlaryň ylma bolan garaýyşlaryny höweslendirmek, sanly ykdysadyýetiň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Alym Arkadagymyz häzirki döwrüň ylmyň zamanasydygyny belläp, ähli ugurlar boýunça ylmy ösdürmek, elektron söwdanyň işini kämilleşdirmek, intellektual eýeçiligi özleşdirmek, ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini ýola goýmak işine ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak, sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän işleriň derejesini we hilini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň wajypdygy barada aýdyp, Milli Liderimiz bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow Halk Maslahatynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde milli kanunçylyk ulgamynyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, halkymyzyň döreden asylly ýörelgelerine laýyklykda, ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir işde hormatly ýaşulularyň toplan baý durmuş tejribesinden, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryndan we döwrebap ýörelgelerden ugur alynýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen mejlisinde kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda yzygiderli tagalla edilýär.
Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň işiniň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagy babatda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekip, milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendigini belledi. Şeýle-de alym Arkadagymyz intellektual eýeçilik boýunça kanunlaryň işlenip taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny dowam edip, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda uly özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Taryhy gymmatlyklarymyzy, edebi mirasymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak boýunça asylly işler amala aşyrylýar diýip belledi. Şunda Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň ata-babalarymyzyň paýhasy siňen döredijiligi döwletlilik hasaplandygyny aýdyp, onuň dünýä edebiýatyna, medeni mirasyna uly goşant goşandygyna ünsi çekdi. Şan-şöhratly geçmiş taryhyňa ser salanyňda, pederlerimiziň bitiren beýik işleriniň guwanç duýgularyny döredýändigini aýdyp, alym Arkadagymyz şol duýgularyň taryhyň gatlaryna aralaşyp, täsin maglumatlaryň üstünden eltýändigini belledi.
Çeper döredijilige gadyr goýýan hormatly Arkadagymyz, däp bolşy ýaly, zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolandygyny aýtdy. Milli Liderimiz kän oýlanyp, şöhratly taryhymyz hakynda toplan ençeme maglumatlaryny kagyza geçirip, täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny nygtap, oňa “Hakyda göwheri” diýip at goýandygyny habar berdi.
Kitabyň many-mazmuny hakynda aýtsam, onda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary beýan etdim diýip, alym Arkadagymyz ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmak bilen, taryhy özgerişleri başdan geçirýändigini, haýsy döwri alsaňam, türkmen medeniýetiniň özüniň milli gymmatlyklary bilen dünýä ýaň salandygyny, olaryň dünýäniň taryhynda uly orun alandygyny aýratyn nygtady.
Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen halky üçin uly buýsançdyr, belent mertebedir. Häzirki döwürde maddy hem ruhy gymmatlyklarymyz, taryhy ýerlerimiz ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna goşuldy we türki döwletleriň guramasy tarapyndan ençeme ykrarnama eýe boldy diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Şunda Halk Maslahatynyň Başlygy pederlerimiziň şöhratly geçmiş taryhymyzyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly işleri bitirendigini, häzirki nesilleriň borjunyň bolsa ony indiki nesillere ýetirmekdigine ünsi çekdi.
Halkymyzda “Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz” diýilýär. Milliligimizi unutman, hemişe ata-babalarymyzyň ýoluna eýermelidiris, şol bir wagtda döwür bilen aýakdaş gitmelidiris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri biziň her birimiziň baý edebi mirasymyza, berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine buýsanmaga hem guwanmaga haklydygymyzy aýratyn nygtady. Çünki biz beýik döwletdiris. Beýik döwletiň bolsa beýik milleti bardyr. Soňra Gahryman Arkadagymyz häzir elinde täze ýazan «Hakyda göwheri» atly kitabynyň ilkinji nusgasyny saklaýandygyny, ýakyn günlerde bu kitabyň neşir edilip, giň halk köpçüligine ýetiriljekdigini aýdyp, sözüni jemledi.
Iş maslahatyna gatnaşyjylar Milli Liderimizi döreden täze eseri bilen gutladylar we ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle hem olar alym Arkadagymyzyň zehininden döreýän eserleriň diňe bir halkymyz däl, eýsem, dünýä okyjylary üçin hem ähmiýetli gollanma öwrülýändigini aýratyn nygtadylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, iş maslahatyny jemledi we oňa gatnaşyjylara öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi