Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Anura Kumara Dissanaýakä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Şri-Lankanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/47554/turkmenistanyn-prezidenti-sri-lanka-demokratik-sosialistik-respublikasynyn-prezidentini-gutlady-4