Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara Sloweniýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nataşa Pirs-Musara berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Sloweniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/49003/turkmenistanyn-prezidenti-sloweniya-respublikasynyn-prezidentini-gutlady-6