Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Şeýle-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşyk, Mejlisiň wekilleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça geçiren iş we okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna täze önümçilikleri döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply nebithimiýa önümleriniň öndürilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagaty yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, nebithimiýa önümleriniň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçiligi döretmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga möhletde ýygnap almak işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Lebap welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişini guramaçylykly geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, ýetişdirilen ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümleri ilatymyza ýetirmek boýunça zerur işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de galla hasylyny gysga möhletde ýygnap almak we önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işlerini berk gözegçilikde saklamak, gowaça meýdanlarynda ideg işlerini öz wagtynda geçirmek babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň Energetika ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, hereket edýän elektrik stansiýalarynda we ýylylyk elektrik merkezlerinde, elektrik geçiriji ulgamlarda, beketlerde zerur işler alnyp barylýar. Bu bolsa sarp edijileri elektrik energiýasy bilen kadaly üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmek babatda tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrigiň çäginde dokma önümçiliginiň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň hasabyna dürli önümleri öndürmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýurdumyzda öndürilmegine we içerki bazarlary olar bilen üpjün etmäge, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, dokma senagatyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, döwrebap dokma kärhanalarynda ýokary hilli önümleriň öndürilýändigini belledi hem-de Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçiligi işe girizmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa söz berildi.

Ol, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we halkymyzyň baý medeni mirasyny dünýä ýaýmak ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan hoşallygyny beýan etdi.

Soňra wise-premýer Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösdürilmegi, milli mirasymyzyň giňden wagyz edilmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Her ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow milli maksatnamalarda ylym-bilim ulgamynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň “Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Elektron žurnal arkaly agronomçylyk, agroekologiýa, gidromeliorasiýa, sanly oba hojalygy, oba hojalygynda ýokary tehnologiýalar ýaly dürli ugurlara degişli öňdebaryjy tejribeler, ylmy-amaly barlaglaryň netijeleri okyjylar köpçüligine ýetiriler. Şeýle hem žurnalda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly ylmy taglymatlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň professor-mugallymlarynyň, alymlarynyň, talyplaryň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir etmegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamaga, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly üns berilýändigini belledi hem-de «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu düzümiň ýolbaşçysynyň geljek aýda ýurdumyza saparyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda bu saparyň barşynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalarynyň mazmunynyň üstünde işlemek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistan bilen bu bankyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýangyç-energetika, ulag, ekologiýa, bank-maliýe ýaly ugurlar boýunça degişli resminamalaryň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň abraýly maliýe institutlary, halkara banklar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini, Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Awtomobil ulaglary ministrliginiň edara-kärhanalarynyň awtoulag serişdelerini hemişe tehniki taýdan işjeň ýagdaýda saklamak we öz wagtynda ýokary hilli tehniki hyzmaty amala aşyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi ilata edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, awtomobil ulaglary pudagyny ösdürmek, ilata edilýän ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/49029/turkmenistanyn-ministrler-kabinetinin-mejlisi-207