Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNESKO-nyň Baş direktoryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktory hanym Odre Azulä Türkmenistanyň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Soňky ýyllarda bilelikde köp işler ýerine ýetirildi, medeni we ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamak babatynda oňyn tejribe toplandy. Türkmenistan geljekde hem ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam eder” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, ÝUNESKO-nyň Baş direktory hanym Odre Azulä we bu guramanyň sekretariatynyň ähli işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/37202/turkmenistanyn-prezidenti-yunesko-nyn-bas-direktoryny-gutlady